Illustration Welaýat ýa-da sebit hökmünde

Şäher häkimleriniň bileleşigi öz üstünliginiň esasy bölegini, çeşmelerini we bilimini bileleşige gol çekenleriň hyzmatyna beren sebitleriň, welaýatlaryň we beýleki döwlet edaralarynyň işjeň gatnaşmagyna borçludyr. Topar tarapyndan Bileleşigiň utgaşdyryjylary diýlip kabul edilen bu guramalar bileleşigiň ündewini ýaýratmakda we täsirini ýokarlandyrmakda möhüm orna eýedir.

Kim goşulyp biler?

Welaýatlar, sebitler, iri şäherler, ýerli häkimiýetleriň toparlanyşyklary...Bileleşige gol çekenlere strategiki ýol görkezmek, maliýe tehniki goldawyny bermäge borçlanýan ähli döwlet edaralary Ýewropa Topary tarapyndan Bileleşigiň utgaşdyryjylary diýlip resmi taýdan ykrar ediler.

Ýokarda agzalan döwlet edaralary “Ýerlerdäki utgaşdyryjylar” hökmünde gatnaşyp bilýän bolsa, ministrlikler we energiýa guramalary ýaly döwlet derejesindäki guramalar “Ýurt derejesinde utgaşdyryjylar” hökmünde goşulyp bilerler.

Ýerli we sebit derejesindäki energiýa guramalary gönüden-göni gatnaşyp bilmeýärler. Emma olara köplenç döwlet edarasy tarapyndan öz adyna şäher häkimliklerine goldaw bermäge ygtyýar berilýär. Olaryň gatnaşmagy başlangyjyň üstünliginiň möhüm şerti bolup durýandygy sebäpli, olaryň öz welaýatyny ýa-da sebitini bileleşige goşulmaga höweslendirmegi maslahat berilýär.

Borçnamalar nämeler?

  • Öz ýerlerindäki şäher häkimlikleriniň arasynda Şäher häkimleriniň bileleşigini wagyz etmek, bileleşige gol çeken şäher häkimliklerini goldamak we olary utgaşdyrmak;
  • Bileleşige goşulmak isleýän, emma Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny taýýarlamak üçin zerur çeşmeleri bolmadyk şäher häkimliklerine tehniki we strategiki kömek bermek;
  • Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny döretmekleri we durmuşa geçirmekleri üçin şäher häkimliklerine maliýe goldawyny we mümkinçilikleri üpjün etmek;
  • Meseläni has köp kişiniň öwrenmegi üçin ýerli energiýa günlerini gurnamaga kömek etmek;
  • Bileleşigiň netijeleri we strategiki durmuşa geçirilmegi barada Topara belli wagtlarda hasabat bermek.

Herekete geçilmese ýa-da borçnamalara amal edilmese, Ýewropa Topary sebitiň ýa-da welaýatyň Bileleşigiň utgaşdyryjysy derejesini saklamaga hukugy bardyr.

Nädip ýüz tutmaly?

Bileleşigiň utgaşdyryjysy derejesini almaga isleg bildirýän döwlet edaralary aşakdakylery ýerine ýetirmeli:

  • Onlaýn gyzyklanma maglumatnamasyny doldurmaly;
  • Goşulyp biljekdigi tassyklanandan soň Ýewropa Topary tarapyndan gol çekiljek ylalaşyk maglumatnamasyny doldurmaly;
  • Taraplaryň ikisi hem ylalaşyga gol çekeninden soň gol çekenlere bermegi maksat edinýän hyzmatlary we goldawy barada giňişleýin maglumat bermek bilen täze döredilen onlaýn profillerini täzelemeli.

Näme üçin gatnaşmaly?

  • Energiýa, ykdysadyýet, jemgyýetçilik we howanyň üýtgemegi meselelerinde milli strategiýalara goşant goşmak.
  • Bileleşigiň utgaşdyryjysy bolmagyň peýdalary gaty köp;
  • Ýewropa Topary tarapyndan höweslendirme we kabul edilmek;
  • Bileleşigiň web sahypasynda edilen işleri wagyz etmek arkaly halkara derejede giňden tanalmak;
  • Ýerli edaralaryň üsti bilen halkara maliýe guramalaryndan we peşgeş berýänlerden maliýe serişdelerini çekmek mümkinçiligi;
  • Beýlekiler bilen tejribeleri paýlaşmak;
  • Döredilen gurallar we usulyýetler barada ylmy we tehniki seslenme;
  • Ýörite maslahatlaşma toparlaryna, iş merkezlerine we beýleki tejribe paýlaşmak platformalaryna gatnaşmak.
  • Sebiti ösdürmek we ýerli häkimiýeti güýçlendirmek
Twitter
Ykjam telefonyňyz
arkaly alyş-çalşyk üçin
Facebook
Bileleşigiň sahypasynyň
muşdagy bolmak üçin
Täzelik haty
Ýylda iki gezek
neşir edilýän täzelik hatyna ýazylmak üçin
RSS beýanlary
Täzelikleri göni
wagtynda almak üçin
Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO. Web sahypasy Şäher häkimleriniň bileleşigi dolandyryş merkezleri tarapyndan utgaşdyrylýar..
Täzelikler | Gün tertibi | Sahypanyň kartasy | RSS kömek | Minnetdarlyk | Kanuny