Illustration Sözlük

Şäher häkimleriniň bileleşigi köp sanly gatnaşyjysy, birnäçe ädimi we amaly bolan köp ugurly başlangyçdyr. Şu sözlügiň üsti bilen täze gelenler Bileleşik barada başdan-aýak hemme maglumaty tapyp bilerler!

Kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmeleri

Kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmeleri, Bileleşige gol çeken tarapyň çäginde energiýa sarp edilişiniň netijesinde bir ýylyň dowamynda çykan kömürturşy gazynyň mukdarydyr. Ol kömürturşy gazynyň esasy çykýan çeşmelerini we ony azaltmagyň mümkinçiliklerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Ajaýyplygyň ülňüsi


Ajaýayplygyň ülňüleri şäher häkimleriniň bileleşigine gol çekenleriň öz ýerlerinde durmuşa geçiren ýerli başlangyçlarynyň mysallary bolup, beýleki ýerli häkimiýetleriň görelde almagy üçin peýdalydyr.

Bileleşigiň utgaşdyryjylary


Ýewropa Topary “Bileleşigiň utgaşdyryjylary”-ny Şäher häkimleriniň bileleşigine gol çeken, emma şertleri ýerine ýetirmek üçin zerur hünärlere we/ýa-da çeşmelere eýe bolmadyk şäher häkimliklerine strategiki ýol görkezmek, maliýe we tehniki goldaw berýän döwlet edaralary diýip kesgitleýär. Topar welaýatlary, sebitler ýa-da şäher häkimlikleriniň döwlet toparlanyşyklaryny öz içine alýan merkezi däl häkimiýetler bolan Ýerlerdäki utgaşdyryjylary we milli energiýa guramalaryny hem-de energetika ministrliklerini öz içine alýan döwlet derejesindäki guramalardan ybarat Ýurt derejesindäki utgaşdyryjylary biri-birinden tapawutlandyrýarlar.

Şäher häkimleriniň bileleşiginiň gündogar dolandyryş merkezi


Ýewropa Topary DG DEVCO tarapyndan düýbi tutulan we maliýeleşdirilýän Şäher häkimleriniň bileleşiginiň gündogar dolandyryş merkezi (CoMO gündogar) gündogar Ýewropanyň, günorta Kawkazyň we Orta Aziýanyň böleklerinde başlangyjy utgaşdyrmakdan we dolandyrmakdan jogapkär bolup durýar. Ol bileleşige gol çekenlere administratiw goldaw we tehniki ugrukdyrma berýär, Bileleşige degişli taraplaryň arasynda gatnaşygy üpjün edýär we olaryň işlerini wagyz edýär. CoMO Brýusselden başda-da, Lwos (Ukraina) we Tbilisi (Gruziýa) şäherlerinde ýerleşýän CoMO gündogar dolandyryş merkezi Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Ukrainadan we Özbegistandan bileleşige gol çekenlere kömek berýär. Ol Energiýa şäherleriniň konsorsiýumy tarapyndan dolandyrylýar we Howa birleşigi, Ukrainanyň energiýa tygşytlaýjy şäherleri, NL guramasy we Orta Aziýa daşky gurşaw sebit merkezinden ybaratdyr.

Bileleşigi goldaýjylar


Ýewropa Topary “Bileleşigi goldaýjylar”-y Şäher häkimleriniň bileleşigi başlangyjyny we oňa gol çekenleriň borçnamalaryny goldamak üçin aragatnaşyk we arabaglanyşyk işjeňliklerini ýokarlandyrýan Ýewropa derejesinde, ýurt derejesinde we ýerlerdäki ýerli häkimiýetleriň arabaglanyşyklary we birleşmeleri diýip kesgitleýär.

Energiýa guramalary


Ýerli we sebit derejesindäki energiýa guramalary oňat energiýa dolandyryş amallaryny durmuşa geçirmegi goldaýarlar, durnuklylygy wagyz edýärler, maglumat berýärler we ýol görkezýärler, belli ýerli energiýa zeruryýetlerine görä birnäçe beýleki ýerli hyzmatlary berýärler. Energiýa guramalary döwlet edaralary tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Kömek merkezi


Kömek merkezi ýerli häkimiýetleri bilen Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezi arasyndaky esasy habarlaşmak usulydyr. Ol bileleşige gol çekenlere umumy we doly tehniki goldaw berýär, usulyýet işlerini we netijelere gözegçiligi alyp barýar.

Durmuşa geçirmak hasabaty


Durmuşa geçirmek hasabaty, Bileleşige gol çekenler tarapyndan Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny tabşyranlaryndan soň iki ýylda bir gezek tabşyrylýan we meýilnamanyň aralyk netijelerini görkezýän resminamadyr. Bu hasabatyň maksady deslapky netijeleriň çak edilen maksatlara laýyklygyna baha bermekdir.

Bilelikde gözleg merkezi


Bilelikde gözleg merkezi (JRC) Ýewropa Toparynyň ylmy we tehniki şahasydyr. Ol başlangyja tehniki we ylmy goldawy bermekden jogapkär bolup durýar. Bileleşige gol çekenlere öz borçnamalaryna amal etmek, durmuşa geçirilişine we netijelere gözegçilik etmek ugrunda kesgitli tehniki ugrukdyrmalary we şablonlary bermek üçin CoMO bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýar. JRC web sahypasy: http://ec.europa.eu/dgs/jrc/

Ýerli energiýa güni


Ýerli energiýa günleri bileleşige gol çekenler tarapyndan resmi borçnamalarynyň bir bölegi hökmünde gurnalýan, energiýany has akylly ulanmagyň hödürleýän mümkinçiliklerini halk köpçüligine tanatmak maksatly çärelerdir. Olar ýerli häkimiýetlere degişli taraplary we raýatlary Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny döretmekde we durmuşa geçirmekde umumy dil tapyşmaga dahylly etmäge mümkinçilik berýär. Adatça belli bir döwür üçin gurnalýan çäreler köp görnüşli bolup biler, emma umuman iş sehleri, sergiler, ýolbeletli gezelençler we açyk gapylar günleri ýaly işjeňlikleri öz içine alýar.

Durnukly energiýa hereket meýilnamasy


Durnukly energiýa hereket meýilnamasy (SEAP) möhüm resminama bolup, bileleşige gol çeken tarap onda 2020-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň çykarylyşyny 20 göterim azaltmak maksadyna nädip ýetjekdigini görkezýär. Ol maksatlara ýetmek üçin işjeňlikleri we çäreleri kesgitleýär, haýsy wagt döwürlerinde ediljekdigini we bellenen jogapkärçilikleri mälim edýär. Bileleşige gol çekenler öz SEAP-larynyň formatyny saýlamakda erkindirler, emma bu meýilnama Bileleşigiň SEAP ýörelgelerinde kesgitlenen ýörelgelere laýyk bolmaly.

SEAP şablony


SEAP şablony, Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny öz (ene) dilinde tabşyrýan bileleşige gol çekeniň şol bir wagtyň özünde iňlis ýa-da rus dilinde dolduryp tabşyrmaly elektroniki resminamadyr. Ol gol çekenlere hereketlerini we çärelerini düzmäge, gözegçiligi we eýermegi aňsatlaşdyrmaga kömek etmek maksady bilen döredildi.

Web türgenleşigi


Web türgenleşigi, gol çekenleri Bileleşigi goldaýjyny we utgaşdyryjylary hasaba almak bilen Bileleşige degişli taraplara CoMO agzalary ýa-da başga hünärmenler tarapyndan bileleşik barada kesgitli bir mowzukda göni ýaýlymda berilýän okuwa gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Twitter
Ykjam telefonyňyz
arkaly alyş-çalşyk üçin
Facebook
Bileleşigiň sahypasynyň
muşdagy bolmak üçin
Täzelik haty
Ýylda iki gezek
neşir edilýän täzelik hatyna ýazylmak üçin
RSS beýanlary
Täzelikleri göni
wagtynda almak üçin
Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO. Web sahypasy Şäher häkimleriniň bileleşigi dolandyryş merkezleri tarapyndan utgaşdyrylýar..
Täzelikler | Gün tertibi | Sahypanyň kartasy | RSS kömek | Minnetdarlyk | Kanuny