Illustration SEAP-y tabşyrmak

2-NJI ÄDIM: Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny tabşyrmak

Tejribäňizi paýlaşyň we ýerli işleriňizi wagyz ediň

Şäher häkimleriniň bileleşigine gol çeken hökmünde gol çekeniňizden soň bir ýylyň dowamynda Durnukly energiýa hereket meýilnamaňyzy tabşyrmaga borçlanýarsyňyz, şol meýilnamada bileleşigiň maksatlary we şol maksatlara ýetmek üçin çäreler delillendirilmeli.

Durnukly energiýa hereket meýilnamaňyz şäher geňeşi tarapyndan tassyklanan bolmaly we Meniň bileleşigim bölüminde (parol bilen goralýar) iňlis ýa-da rus dilinde elýeterli onlaýn ibermek ulgamy arkaly ene diliňizde ýüklenen bolmaly. Şeýle hem, iňlis ýa-da rus dilinde SEAP şablonyny doldurmaly bolarsyňyz.

Bu şablon siziň öz başyňyza dolduryp biljek internet esasly işleýän bir guraldyr. Kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmelerini (BEI) kesgitlemegiň netijelerini, şeýle hem, SEAP-yň esasy elementlerini jemlemäge mümkinçilik berýär.

Tabşyranyňyzdan soň maglumatlaryňyzyň dogrulygy Bilelikde gözleg merkezi (JRC) tarapyndan barlanar. SEAP şablonyňyz tassyklanansoň, üpjün edilen maglumatlaryň mazmuny siziň gol çeken profiliňiziň içinde, Şäher häkimleriniň bileleşiginiň web sahypasynda çap ediler. Şondan soň hereketleriňizi we öňe gidişligiňizi beýleki gol çekenler bilen deňeşdirip bilersiňiz.

Soragyňyz barmy?

  1. SEAP-y haçan tabşyrmaly?
  2. SEAP-y nädip tabşyrmaly?
Twitter
Ykjam telefonyňyz
arkaly alyş-çalşyk üçin
Facebook
Bileleşigiň sahypasynyň
muşdagy bolmak üçin
Täzelik haty
Ýylda iki gezek
neşir edilýän täzelik hatyna ýazylmak üçin
RSS beýanlary
Täzelikleri göni
wagtynda almak üçin
Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO. Web sahypasy Şäher häkimleriniň bileleşigi dolandyryş merkezleri tarapyndan utgaşdyrylýar..
Täzelikler | Gün tertibi | Sahypanyň kartasy | RSS kömek | Minnetdarlyk | Kanuny