Illustration Ösüşler

Kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmelerini kesgitlemek we Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny döretmek

Degişli taraplar bilen kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmelerini kesgitlemek we Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny döretmek

Degişli taraplaryň we raýatlaryň goldawyny almak

Kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmelerini kesgitlemek ýa-da Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny (SEAP) döretmek üçin durnukly çeşmeler zerur bolup durýar. Şäher häkimligiňiz, esasanam ol kiçi bolsa, beýle maksatlara ýetmek üçin zerur adam/maliýe mümkinçiliklerine we tehniki ussatlyga eýe bolman biler. Has giňişleýin maslahat üçin kömek merkezine ýüz tutuň.

Endikleri üýtgetmegi höweslendirmekde raýatlaryň gatnaşmagy hem möhümdir. Bileleşige gol çeken tarap hökmünde bu döwürde raýatlary hem çärelere çekmäge borçlanýarsyňyz. Çeşmeleriň tygşytly ulanylmagy we hyzmatdaşlyk ýaly meseleleri raýatlaryň bilmegi arkaly endikleri üýtgetmäge höweslendirmek üstünligiňiziň möhüm açarydyr!

Soragyňyz barmy?

Bileleşigiň utgaşdryjylary

  1. Bileleşigiň utgaşdyryjysy näme?

Energiýa guramalary

  1. Energiýa guramalaryny näme üçin şäher häkimleriniň bileleşigine dahylly etmeli?
  2. Energiýa guramalarynyň rollary we tabşyryklary näme bolup biler?

Kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmelerini jemläň

Ýerli derejede energiýa sarp edilişi we kömürturşy gazynyň çykmagy birnäçe zada baglydyr: Ykdysady gurluş, ykdysady işjeňligiň derejesi, ilat, inedördül kilometre düşýän adam sany, binalaryň häsiýetleri, dürli gatnaw görnüşleriniň ulanylyşy we ösüşiniň derejesi, raýatlaryň nukdaýnazary, howa we ş.m.

Bularyň käbirine gysga möhletde täsir edip bolýar (raýatlaryň nukdaýnazary ýaly), käbirine bolsa orta ýa-da uzak möhletde täsir edip bolýar (binalaryň energiýa tygşytlylygy). Bu parametrleriň täsirine, olaryň wagtyň geçmegi bilen üýtgeýşine düşünmek we ýerli häkimiýetiň olaryň haýsysynyň üstünde işläp biljekdigini kesgitlemek peýdalydyr (gysga, orta we uzak möhletde). Kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmeleri (BEI) bileleşige gol çeken tarapyň çäginde energiýanyň sarp edilişi netijesinde çykýan kömürturşy gazynyň (ýa-da şoňa meňzeş gazlaryň) mukdaryny kesgitleýär.

BEI, Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny kämilleşdirmekde başlangyç nokady bolup hyzmat edýär, sebäbi ol kömürturşy gazyny çykarýan pudaklar barada maglumat berýär we degişli çäreleri saýlamaga kömek edýär.

Has giňişleýin maglumat üçin kömek merkezine ýüz tutuň.

Uzak möhletleýin strategiýaňyz barada anyk pikiriňiz bolsun

Geljekde durnukly energiýa maksady bileleşige gol çekenlere ýol görkezýän ýörelgedir. Ol ähli degişli taraplaryň salgylanyp biljek birleşdiriji guraly bolup durýar, bu ýerde öňdebaryjy syýasatçylardan raýatlara, ýerli işewürlik we gyzyklanma toparlaryna çenli hemmäni öz içine alýar. Şeýle hem ony, ýerli häkimiýeti dünýäniň başga ýerlerine tanatmak üçin ulanyp bolýar.

Maksadyňyz, şäher häkimleriniň bileleşiginiň borçnamalaryna laýyk bolmaly, ýagny, 2020-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň çykarylyşyny (azyndan) 20% azaldyp boljakdygyny ýaňzydýan bolmaly, emma mundan has ýokarsyny maksat edinmeli.

Oňat maksat hakykata ýakyn bolýar, emma kämahal täze gymmatlyklary görkezýän ýa-da indi hakyky durmuşa degişli däl köne çäklerden geçýän bolmalydyr. Şäheriň geljekde nähili bolmalydygyny düşündirýär, raýatlara we degişli taraplara düşnükli bolar ýaly beýan edilýär. Maksatlaryňyz we pikirleriňiz kesgitli, ölçäp bolýan, ýetip bolýan, hakyky we belli bir wagt bilen çäkli bolsun!

Öňden bar bolan işjeňlikleriňiz esasynda bina ediň

Şäher häkimliginiň içinde diňe birnäçe ugurdaş meýilnama işjeňligi we ýörelgeleri bolman, eýsem dürli bölümleriň işleriniň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hem bolup biler.

Şäher häkimligiňiz ýerli häkimiýetiňiziň çägindäki energiýa we howa meselelerine täsir edýän bar bolan şäher, sebit we ýurt derejelerinde ýörelgeleri, meýilnamalary, amallary we kararlary kesgitlemeli bolar. Durnukly energiýa ýörelgesi üçin kesgitlenen resminamalary gözden geçirip, olaryň maksatlaryny barlap bilersiňiz. Biri-biri bilen çaknyşmagy we ugurdaş bolmagy mümkindigi kesgitlenen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ähli degişli taraplary çagyrmaly.

Maliýe çeşmelerini çak etmek we bölüp bermek

Uzak möhletli strategiýaňyzy döretmek we durmuşa geçirmek üçin şäher häkimliginiň býudjetini gaýtadan düzmek, degişli wagty çarçuwasyny we ähtimal daşarky maliýe çeşmelerini hem hasaba almak bilen maliýe çeşmelerini kesgitlemeli.

Has giňişleýin maglumat üçin kömek merkezine ýüz tutuň.

Hereket meýilnamaňyzy dörediň

Durnukly energiýa hereket meýilnamasy bileleşigiň maksatlaryny kesgitleýän giň çarçuwaly strategiki we amaly resminamadyr. Ýerli häkimiýetiň kömürturşy gazyny azaltmak maksadyna ýetmegi üçin iň oňat hereket ugurlaryny we pursatlary kesgitlemekde siziň taýýarlan kömürturşy gazynyň esasy çykýan çeşmeleri baradaky resminamaňyzyň netijelerini ulanýar. Ol uzak möhletli strategiýany durmuşa geçirýän, kömürturşy gazyny azaltmak barada anyk çäreleri degişli wagt çarçuwalary bilen bilelikde kesgitleýär.

Durnukly energiýa hereket meýilnamaňyzyň formatyny seçip alyp bilersiňiz (esasanam, ozal hereket meýilnamasyny ýerine ýetiren bolsaňyz).

Bileleşige gol çekenleriň ozal tabşyran dürli hereket meýilnamalaryna göz aýlap bilersiňiz – Durnukly energiýa hereket meýilnamalarynyň mazmuny size ylham bermek üçin degişli gil çeken profillerinde halk köpçüligine elýeterlidir! Şeýle hem, beýleki gol çekenleriň/goldaýjy gurluşlaryň üstünlikli durmuşa geçiren we gaýtalap boljak anyk mysallarynyň käbirini tapyp bilersiňiz – siziň sebtiňizdäki mysallary öwrenmek üçin kömek merkezine ýüz tutuň!

Bileleşige gol çekenleriň ählisine Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny döretmek / durmuşa geçirmek üçin bar bolan usulyýetleriň we gurallaryň gözden geçirilişini üpjün edýän Ýewropa Toparynyň bilelikde gözleg merkeziniň hasabatyny görmek üçin şu ýere basyň.

Soragyňyz barmy?

Durnukl energiýa hereket meýilnamasy (SEAP)

  1. SEAP näme?
  2. SEAP-yň çäkleri näme?
  3. Haýsy pudaklar/ugurlar SEAP-yň çäginde hasaplanýar?

Ajaýyplygyň ülňüsi

  1. Ajaýyplygyň ülňüsi näme?
  2. Ajaýyplyk ülňüňizi nädip ibermeli?
Twitter
Ykjam telefonyňyz
arkaly alyş-çalşyk üçin
Facebook
Bileleşigiň sahypasynyň
muşdagy bolmak üçin
Täzelik haty
Ýylda iki gezek
neşir edilýän täzelik hatyna ýazylmak üçin
RSS beýanlary
Täzelikleri göni
wagtynda almak üçin
Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO. Web sahypasy Şäher häkimleriniň bileleşigi dolandyryş merkezleri tarapyndan utgaşdyrylýar..
Täzelikler | Gün tertibi | Sahypanyň kartasy | RSS kömek | Minnetdarlyk | Kanuny