Illustration Birleşme ýa-da ýerli häkimiýetleriň arabaglanyşygy hökmünde

Ýerli häkimiýetleriň arabaglanyşyklary we birleşmeleri Şäher häkimleriniň bileleşiginiň ösmeginiň we wagyz edilmeginiň esasy goldaýjylarydyr. Ýerli we döwlet derejesindäki meseleler barada giňişleýin maglumata eýe bolmaklary olary Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezi bilen bileleşige gol çekenleriň arasynda araçy edip goýýar.

Kim goşulyp biler?

Ýerli we sebit häkimiýetleriniň arabaglanyşyklary we birleşmeleri Bileleşigi goldaýjylar hökmünde gatnaşýarlar. Şeýlelik bilen, olar öz agzalarynyň arasynda Şäher häkimleriniň bileleşigini wagyz etmäge, bileleşige goşulmakda olara ýol görkezmäge we tejribeleri paýlaşmagy ýeňilleşdirmäge borçlanýarlar.

Borçnamalary nämeler?

Bileleşigi goldaýjylar hökmünde gatnaşýan ýerli häkimiýetleriň arabaglanyşyklary we birleşmeleri aşakdakylara borçlanýarlar:

  • Şäher häkimleriniň bileleşigini wagyz etmek we bileleşige gol çekýän agzalaryna goldaw bermek;
  • Şäher häkimleriniň bileleşigini öz syýasatlarynyň möhüm bölegi hökmünde kabul edýändigini halk köpçüligine mälim etmek;
  • Bileleşige gol çekenler we dalaşgär şäherler arasynda tejribe paýlaşylmagyny ýeňilleşdirmek;
  • Öz agzalary, CoMO we döwlet/sebit metbugaty arasynda araçy bolmak;
  • Döwlet ýa-da sebit derejelerinde degişli çäreler we başlangyçlar bilen ugurdaşlyklary kesgitlemek;
  • Şäher häkimleriniň bileleşigine goşulan agzalary hakda, şeýle hem, Bileleşigi goldaýjy hökmünde berýän hyzmatlary hakda belli wagtlarda seslenme bermek.

Herekete geçilmese ýa-da borçnamalara amal edilmese, Ýewropa Topary sebitiň ýa-da welaýatyň Bileleşigi goldaýjy derejesini saklamaga hukugy bardyr.

Nädip ýüz tutmaly?

Bileleşigi goldaýjy derejesini almak üçin ýerli häkimiýetleriň arabaglanyşyklary ýa-da birleşmeleri aşakday ädimlere eýermeli:

  • Onlaýn gyzyklanma maglumatnamasyny doldurmaly;
  • Goşulyp biljekdigi tassyklanandan soň Ýewropa Topary tarapyndan gol çekiljek ylalaşyk maglumatnamasyny doldurmaly;
  • Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezi tarapyndan döredilensoň, gol çekenlere bermegi maksat edinýän hyzmatlary we goldawy barada giňişleýin maglumat bermek bilen täze döredilen onlaýn profillerini täzelemeli.

Näme üçin gatnaşmaly?

Bileleşigi goldaýjylar Şäher häkimleriniň bileleşigine goşulmak arkaly aşakdaky pursatlary hem goşmak bilen ummasyz gymmatlyga eýe bolýarlar:

  • Agzalarynyň iň oňat amallaryny wagyz etmek;
  • Durnukly energiýa boýunça agzalarynyň işjeňliklerine ýaran bolmak;
  • Hyzmatlaryny giň halk köpçüligine görkezmek;
  • Tejribelerini başga toparlanyşyklar bilen paýlaşmak we täze hyzmatdaşlar edinmek;
  • Ýewropa Topary tarapyndan höweslendirme we kabul edilmek;
  • Bileleşik bilen baglanyşykly iri çäreleriniň giňden tanalmagyny gazanmak;
  • Agzalarynyň sanyny köpeltmek;
  • Ýörite maslahatlaşma toparlaryna, iş merkezlerine we beýleki tejribe paýlaşmak platformalaryna gatnaşmak.
Twitter
Ykjam telefonyňyz
arkaly alyş-çalşyk üçin
Facebook
Bileleşigiň sahypasynyň
muşdagy bolmak üçin
Täzelik haty
Ýylda iki gezek
neşir edilýän täzelik hatyna ýazylmak üçin
RSS beýanlary
Täzelikleri göni
wagtynda almak üçin
Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO. Web sahypasy Şäher häkimleriniň bileleşigi dolandyryş merkezleri tarapyndan utgaşdyrylýar..
Täzelikler | Gün tertibi | Sahypanyň kartasy | RSS kömek | Minnetdarlyk | Kanuny