Illustration Bileleşigiň utgaşdyryjylary

Häzirki wagtda “Bileleşigiň utgaşdyryjylary” Şäher häkimleriniň bileleşigine gol çeken, emma şertleri ýerine ýetirmek üçin zerur hünärleri we/ýa-da çeşmeleri bolmadyk häkimlikleri strategiki ýol görkezmek, maliýe we tehniki goldaw bilen üpjün edýän häkimiýetler bolup durýarlar.

Bileleşigiň utgaşdyryjylary maliýe kömeginden başga-da gol çekenlere kömürturşy gazynyň çykýan çeşmeleri kesgitlemekde, Durnukly energiýa hereket meýilnamalaryny döretmekde we durmuşa geçirmekde goldaw berýärler.

Bileleşigiň utgaşdyryjylarynyň iki görnüşi bar:

  • Ýurt derejesinde utgaşdyryjylar: Milli energiýa guramalary we/ýa-da ministrlikler ýal döwlet derejesnde guramalar
  • Ýerlerdäki utgaşdyryjylar: sebit, welaýat ýa-da ýerli häkimiýetleriň toparlanyşyklary ýaly merkezi däl häkimiýetler

Ýurt derejesindäki we ýerlerdäki utgaşdyryjylar Ýewropa Topary tarapyndan Şäher häkimleriniň bileleşiginiň iň möhüm hyzmatdaşlary hasaplanýar, sebäbi olar ýerli häkimiýetlere öz ýerlerinde barmagy aňsatlaşdyrýarlar, bileleşige gol çekenlere borçnamalaryna amal etmek üçin zerur tehniki, maliýe, administratiw we syýasy goldawy berýärler.

Häzirki sanawy aşakda we şu ýerde tapyp bilersiňiz (PDF formatynda).

List of Covenant Coordinators: Bileleşigiň utgaşdyryjylarynyň sanawy: